Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy we Saglygy goraýyş ministrligi Ylalaşyga gol çekişdi

  • 23.07.2025 06:28
  • 10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem duşuşykda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetine üns çekildi.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan ynsanperwer işleriniň ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine, näsag çagalara degişli operasiýalaryň, sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegine gönükdirilýändigi bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän saglyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Gazanylan täze ylalaşyk hem Diýarymyzda pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.


düýn 12:08
5.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......