Aşgabatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

  • 23.07.2025 06:23
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» ady bilen geçirilen maslahata ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň Saglygy goraýyş müdirlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, olaryň dünýäniň öňdebaryjy klinikalarynda bolup, tejribelerini artdyrmaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda dikuçarda aýlanyp, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurluşyklary dowam edýän we abatlaýyş işleri geçirilýän saglyk merkezleriniň ýagdaýy bilen tanşandygy barada aýdyldy. Hususan-da, Milli Liderimiziň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalaryny taýýarlamak we olaryň gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda beren maslahatlaryna üns çekildi. Aýratyn-da, hormatly Arkadagymyzyň sazlaşykly ösýän “Parahat” ýaşaýyş toplumynyň çäginde täze saglyk öýüni, “Tiz kömek” gullugynyň şahamçasyny gurmak boýunça degişli taslamalary taýýarlamak barada öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.


Çäräniň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, tapawutlanan lukmanlara we hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyz boýunça geçirilen “Iň gowy hassahana” atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......