Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 22.07.2025 09:50
  • 12k+

21-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar.
Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň bugdaý oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....