Bäherden keramika kärhanasynyň önümleri ilkinji gezek Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylar

  • 28.07.2025 08:38
  • 12k+

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda açylan Bäherden keramika önümleri kärhanasynyň önümleri ilkinji gezek Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylar. Bu barada degişli teklibi 26-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümleriniň we serişdeleriniň ulanylýandygyna hem-de daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döredilýändigine ünsi çekip, şunda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini yzygiderli ulanmak barada karara gelendigini aýtdy. Şäher gurluşygynda ulanyljak üçek örtükleri, ýol betonlary, keramika önümleri we beýleki gurluşyk serişdeleri ýokary hilli, göze gelüwli bolmalydyr. Olaryň howa şertlerine çydamlylygy, berkligi aýratyn üns merkezinde saklanylmalydyr.
Bäherden keramika önümleri kärhanasy ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenendir.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....