Türkmenistanda energetika desgalarynda meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri geçirilýär

  • 26.07.2025 09:26
  • 5.6k+

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow 25-nji iýulda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly bu işler, döwletimiziň elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen ýerine ýetirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň kärhanalarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Munuň özi energetika desgalarynyň bökdençsiz işlemegine ýardam edýär.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bar bolan elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....