Aşgabatda zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

  • 21.07.2025 17:53
  • 4.5k+

19-njy iýulda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde çeper elli zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady.

Bäsleşige onuň şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan, hersi iki adamdan ybarat toparlar gatnaşdylar. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çeper elli zenanlary jemleýji tapgyryň birinji şertine laýyklykda, türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işler barada gyzykly we täsirli gürrüň berdiler. Keçäniň taýýarlanylyşy ýüň saýlap almak we saýmak, ony daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri öz içine alýar.

Ikinji şerte laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň sebitlerine mahsus aýratynlykda milli nagyşlar bilen keçe güllediler. Salynýan nagyşlar dakylan atlary, zehiniň we döredijilikli zähmetiň sazlaşygynda ajaýyp sungat eserini döredýändigi bilen tapawutlanýar. Şolaryň käbiri «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan», «gülýaýdy», «sekiz goçak», «gelinbarmak», «gapyrga», «öküz oňurga», «gonjuk», «hindi goçak», «içýanagyz», «tazyguýruk», «saýlap», «barmak» diýlip atlandyrylýar.
Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlaryň, gülleriň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlarydyr beýleki halk döredijilik eserlerini ýerine ýetirdiler.


Emin agzalarynyň beren bahasyna laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň baş baýragyna Daşoguz welaýatyndan gelen zenanlar mynasyp boldular. Birinji orna Arkadag şäheriniň we Mary welaýatynyň wekilleri mynasyp görüldi. Ikinji orna Lebap welaýatyndan, üçünji baýrakly orna bolsa Aşgabat şäherinden, Ahal we Balkan welaýatlaryndan gelen çeper elli zenanlar eýe boldular.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan Hormat hatlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......