Aşgabat we Kabul bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar

  • 21.07.2025 12:20
  • 4.4k+

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň ýurdumyzdaky ilçisi Fazl Mohammad Saberiň duşuşygy boldy. Bu barada Bakhtar news agentligi Owganystanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üns iki ýurduň syýasy, ykdysady we strategik gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirildi.
Gepleşikleriň möhüm temalary hökmünde TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy, şeýle hem TOP (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan) başlangyjynyň ösdürilmegi, şol sanda elektrik geçiriji ulgamlaryň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurulmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar TOPH-nyň sebitiň energetiki howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetini belläp geçdiler. TOP taslamasynyň amala aşyrylmagy bolsa sebitiň infrastruktura integrasiýasyny güýçlendirmäge hyzmat etmeli.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol gatnawynyň we logistika ugurlarynyň giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara söwdanyň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan owgan raýatlaryna hyzmatlaryň edilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......