2.9k+

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

26-27-nji noýabrda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

1k+

Türkmenistanyň DIM-nde Hindistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar...

3.2k+

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Er-Riýadda UNIDO-nyň konferensiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüşi Guramasynyň (ÝUNIDO) 21-nji Baş konferensiýasynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu sammit 23–27-nji noýabr aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçdi...

2.7k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň saýtynda habar berilýär. Mejlisiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi...

6.8k+

ABŞ-da energiýany simsiz geçirmek boýunça rekord goýuldy

Star Catcher Industries amerikan startapy lazer şöhlesi arkaly adaty, kommersiýa Gün panellerine 1,1 kW optiki kuwwat geçirmek bilen simsiz energiýa geçiriş boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglar Florida ştatynyň Kennedi adyndaky kosmodromynda geçirildi...

3.9k+

Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi

24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi...

928

Raşid Meredow kubaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

6.8k+

Astanada türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Astanada Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, «Akorda» köşgüniň dabaralar otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular...

3.3k+

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi...