Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4600 dollardan, kümşüňki bolsa 84 dollardan geçdi

  • 13.01.2026 10:56
  • 5.2k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýasy üçin 4600 dollardan ýokary galdy. Duşenbe güni, 12-nji ýanwarda Nýu-Ýorkuň gazna biržasyndaky (COMEX) söwdalarda fewral aýy üçin altyn fýuçersleri 2,5% gymmatlap, iň ýokary nokadynda unsiýasy üçin 4612,70 dollara ýetdi.

Kümşüň bahasy hem rekord derejeleri täzeledi. COMEX biržasynda mart aýy üçin kümüş fýuçersleri 6,53% ýokarlanyp, iň ýokary derejede unsiýasy üçin 84,52 dollara çenli baryp ýetdi.
2025-nji ýylyň netijeleri boýunça altynyň bahasy 64,4%, kümşüňki bolsa 141,4% ýokarlandy. Gymmat bahaly metallaryň bahalarynyň ösmegine göterim derejeleriniň peselmegi, geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi we ABŞ-nyň dollaryna bolan ynamyň gowşamagy ýaly amallar sebäp boldy. Kümüş üçin bolsa, bazardaky üpjünçilik gytçylygy (defisit) goşmaça faktor boldy.
Altyn däp boýunça maýadarlar tarapyndan ykdysady we syýasy durnuksyzlyk şertlerinde maýany saklap galmagyň ygtybarly guraly hökmünde garalýar. Kümüş bolsa maýa goýum isleginden başga-da, senagatda giňden ulanylýar, bu bolsa öz gezeginde onuň nyrhyna göni täsir edýär.

şu gün 12:20
202

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 23:57
1.1k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......