BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

  • 13.01.2026 12:26
  • 3.8k+

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Hasabatda 2025-nji ýylda ABŞ-nyň gümrük paçlary ýokarlandyrandygy, şol sebäpli global söwdada dartgynlylygyň ýüze çykandygy bellenilýär. Ýöne ýagdaýyň has uly söwda urşuna öwrülmeginiň öňüni almak başartdy, şonuň üçin dünýä söwdasyna ýeten ýitgi çäkli boldy.
BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň hasabatynda nyrh zarbasyna garamazdan, ozalky üpjünçilikleriň we ätiýaçlyklaryň netijesinde, şeýle-de pul syýasatynyň ýeňilleşdirilýän we zähmet bazarynyň durnukly döwründe sarp edijileriň pul harçlamagy dowam etdirmegi bilen dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygy saklandygy aýdylýar.
BMG ykdysady syýasatyň mundan beýläk hem goldanylmagy gümrük paçlarynyň netijelerini gowşatmaga kömek eder diýip hasaplaýar. Şeýle-de bolsa, söwdanyň we işewürligiň ösüşi, ähtimal, haýallanar.
ABŞ-da ykdysady ösüş 2024-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2025-nji ýylda 1,9%-e çenli haýallady we çaklamalara görä, döwlet çykdajylarynyň we ýeňil pul syýasatynyň netijesinde 2026-njy ýylda 2,0% we 2027-nji ýylda 2,2% bolar.
Hytaýda ösüşiň 2025-nji ýyldaky 4,9%-den soň 2026-njy ýylda 4,6% we 2027-nji ýylda 4,5% bolmagyna garaşylýar. Ýewropa Bileleşiginde durnukly sarp ediji çykdajylarynyň netijesinde ösüşiň 2026-njy ýylda 1,3% we 2027-nji ýylda 1,6% derejesinde bolmagy çaklanylýar.
Günorta Aziýada ösüş 2025-nji ýyldaky 5,9%-den soň 2026-njy ýylda 5,6%-e çenli haýallar we 2027-nji ýylda 5,9%-e gaýdyp geler. Hindistanda durnukly sarp edişiň we ABŞ-nyň ýokary paçlarynyň ýaramaz täsiriniň bellibir derejede öwezini dolmaly döwlet maýa goýumlarynyň netijesinde ösüşiň 2026-njy ýylda 6,6% we 2027-nji ýylda 6,7% bolmagyna garaşylýar. 


şu gün 11:05
573

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 08:04
6.4k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......