NYP: Baýden ABŞ-nyň öňki Prezidentleriniň arasynda iň ýokary pensiýa hakyny alýar

  • 07.01.2026 23:34
  • 19k+

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jo Baýden ýurduň öňki Prezidentleriniň taryhynda iň ýokary döwlet pensiýa hakyny – ýylda 417 müň dollar alýar. Bu barada The New York Post (NYP) tabloidi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu mukdar onuň Prezident wezipesindäki zähmet hakyndan 17 müň dollar köp we ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama üçin kesgitlenen pensiýadan tas iki esse köpdür.
Milli salgyt töleýjiler gaznasynyň wise-prezidenti Demian Bredi 83 ýaşly demokratyň uly mukdardaky töleginiň onuň uzak dowam eden syýasy karýerasy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Umuman alanyňda, Baýden Senatda we wise-prezident wezipesinde 44 ýyl zähmet çekdi, şonuň üçin onuň iki döwlet pensiýa gaznasyndan töleg almaga hukugy bar.

«Baýden pensiýada häzirki Prezidentden köp gazanýar. Bu üýtgeşik ýagdaý, ýöne muňa garamazdan, ýagdaý häzirki töleg ulgamyna gaýtadan seretmelidigini görkezýär. Kongress geljekde şeýle gözçykgynç pensiýa töleglerine ýol bermezlik üçin muňa üns bermeli» — diýip, Bredi aýtdy.

2025-nji ýylyň ýazynda Jo Baýdende erkeklik jyns mäziniň düwnük keseliniň agressiw görnüşi ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň fewralynda ol bazaliomany – deridäki howply täze emele gelmeleri aýyrmak üçin operasiýa geçirdi. 


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......