Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

  • 08.01.2026 16:50
  • 15k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady.

Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi.

«Roždestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun!» diýlip hatda bellenilýär.

Belläp geçsek, iki döwletiň baştutanlary geçen ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda geçirilen «Merkezi Aziýa + ABŞ» sammitiniň çäginde duşuşypdylar. Şol duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we ABŞ-nyň hökümetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça meýilnamalar baradaky Beýannama we Medeni miras boýunça meýilnamalar baradaky Beýannama gol çekilipdi.
Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl gutlaglaryny, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we dünýäniň beýleki köp sanly döwletleriniň baştutanlary ugratdylar.


şu gün 07:42
409

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......