Berlinde 4 million kilogram ýeralma mugt paýlanýar

  • 13.01.2026 09:45
  • 9k+

Berlinde 4 million kilogram ýeralma mugt paýlanýar. Bu aksiýa Berliner Morgenpost gazeti we Ecosia kompaniýasy tarapyndan geçirilýär.

Olaryň maglumatlaryna görä, mugt ýeralmanyň agramy, takmynan, 800 uly piliň agramy bilen deňdir. Bu möçberden beýikligi, takmynan, 350 metr bolan diňi gurup, ýüzlerçe müň adamy naharlap bolýar.
Ýokary hilli ýeralma häzir ähli şertleri berjaý etmek bilen Leýpsigdäki ammarda saklanýar, ýöne alyjy ýok diýip DW habar berýär. Munuň sebäbi soňky 25 ýylda iň ýokary hasylyň bolmagydyr. Germaniýada 13 million tonnadan gowrak ýeralma ýygnaldy, bu bolsa köpýyllyk ortaça görkezijiden 17% köpdür. Hyrydarlyk hödürlemäniň yzyndan ýetip bilenok we daýhanlar üçin hem hasyly uzak saklamak ýitgili bolýar. Şonuň üçin Saksoniýadan bir daýhan ýeralmanyň bir bölegini Berline ibermegi teklip etdi.  
Guramaçylar islendik gatnaşyja bir tonna ýeralma hödürleýär. Ony ybadathana guramalary, mekdepler, sport klublary, etrap kružoklary, sosial guramalar we şahsy adamlar alyp bilýär. Esasy maksat ýeralmany mätäçleriň arasynda paýlamakdyr.  


düýn 12:31
5.8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär...

12.02.2026 15:05
2k+

Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy...

12.02.2026 15:04
4.1k+

Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen giň gerimli duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi...

05.02.2026 09:43
2.1k+

Bosch maliýe kynçylyklary zerarly 20 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär

Bosch kompaniýasy ýyllyk girdejisiniň iki esse peselmegi sebäpli Germaniýada 20 müň işgärini boşadar. Bu barada Politico  gazeti kompaniýanyň beýanatyna salgylanyp habar berýär. Şeýle karara ýurtdaky soňky 12 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýeten işsizligiň esasynda gelinendigi aýdylýar...