Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy

  • 13.01.2026 10:20
  • 6.7k+

12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda häkimler we wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerine satyn alyp beren köp sanly döwrebap awtoulaglary, tehnikalary üçin ähli ýaşaýjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmegi, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini talabalaýyk geçirmegi, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda pagta, bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegine aýratyn üns bermek, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini hem-de medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......