Ilon Maskyň Grok çat-boty Gemini bilen birlikde Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler

  • 14.01.2026 09:39
  • 4k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok çat-boty ýanwar aýynyň ahyryna çenli Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler we edaranyň gulluk maglumatlaryndan başlap, aňtaw materiallaryna çenli ähli maglumatlaryna elýeterli bolar. Bu barada ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset aýtdy diýip, Associated Press habar berýär.

Amerikan harby gullukçylary Maskyň EA kömekçisini eýýäm kompýuter ulgamyna goşulan Google-yň Gemini çat-boty bilen bilelikde ulanar.

«Tiz wagtdan dünýäde iň gowy emeli aň modelleri biziň edaramyzyň ähli gizlin däl we gizlin ulgamlaryna birikdiriler» — diýip, Hegset Tehasdaky SpaceX kompaniýasynyň ofisinde eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, Pentagonyň ýolbaşçysy emeli aň ulgamlarynyň «harby güýjüň kanuny ulanylmagyny çäklendirýän ideologik çäklendirmeler bolmazdan» işlejekdigini aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, EA-nyň netijeliligi gönüden-göni maglumatlaryň hiline bagly we Pentagon bu ulgamy ähli zerur maglumatlar bilen üpjün eder.
Hegset bu ädimleriň ýaragly güýçleriň maglumatlaryny mümkin boldugyndan ösýän tehnologiýalara birikdirmek boýunça has uly başlangyjyň bir bölegidigini sözüniň üstüne goşdy.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......