8.5k+

Türkmenistanly hünärmenler Italiýada energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler

22–24-nji sentýabr aralygynda türkmenistanly hünärmenler Italiýada bolup, tehnologik energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler. Sapar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyň wekilleri Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki gözleg merkeziniň hem-de Milan Politehniki uniwersitetiniň alymlary bilen duşuşyklary geçirdiler...

7.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi...

6.1k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany bu baýramçylygyň eziz Watanymyza milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi...

3.4k+

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler

Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde 3 sany iri forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar - Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty...

17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 225 adamyň günäsini geçdi

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 225 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy...

12k+

«Arkadag» FK ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny aldy

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny yzly-yzyna ikinji gezek eýeledi. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» «Ahaldan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde iki goly Altymyrat Annadurdyýew (52-nji hem-de 63-nji minutlar), ýene bir topy bolsa Mirza Beknazarow (14) geçirdi...

1.6k+

Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary halkara derejesindäki «Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025» (WSDG 2025) atly ýaryşda üstünlik gazandylar. Bäsleşik Malaýziýanyň Multimediýa uniwersiteti we Malaýziýanyň ýaş alymlar birleşigi tarapyndan onlaýn görnüşde guraldy...

4.4k+

Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

ABŞ-da iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler...