«Al-Nasr» türkmen klublaryna garşy birinji gezek oýnanok

  • 08.01.2026 16:06
  • 21k+

Türkmenistanyň köp sanly futbol janköýerleri AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynda "Arkadag" bilen Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýogsa näme, türkmen klublaryna şeýle ýokary derejedäki garşydaşlar bilen duşuşmak elmydama nesip edip durmaýar.

Şol bir wagtda, "Arkadag" toparynyň Saud Arabystanynyň bu meşhur klubuna garşy oýnajak ilkinji türkmen kluby däldigini köpler bilmän biler. "Al-Nasr" eýýäm iki gezek türkmen topary bilen meýdançada duşuşypdy we şol gezekleriň ikisinde-de onuň garşydaşy Aşgabadyň "Köpetdag" topary bolupdy.
Birinji duşuşyk: 1995-nji ýyl
Toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun 1994/1995-nji ýyllar möwsüminiň Aziýanyň klublaýyn çempionatynyň (häzirki Çempionlar ligasynyň öňki görnüşi) çäginde geçirildi. Şonda "Köpetdag" çärýek finala çenli baryp ýetipdi. 1995-nji ýylyň noýabrynda Er-Riýad şäheriniň Patyşa Fahd adyndaky Halkara stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda "Al-Nasryň" peýdasyna tamamlandy. Ýeke-täk goly oýnuň ahyrynda, 80-nji minutda Ibrahim Al-Issa geçirdi. Şol möwsümde "Al-Nasr" finala çenli baryp, Günorta Koreýanyň "Ilhwa Çhunma" klubundan ýeňildi.

Ikinji duşuşyk we Stoiçkowyň "Mersedesi"
Ikinji garşydaşlyk has-da gyzykly boldy. Bu 1997-1998-nji ýyllar möwsüminiň Aziýa Kubok eýeleriniň kubogynyň ýarym finalydy. Oýun 1998-nji ýylyň aprelinde ýene-de Er-Rýadda geçirildi.

Oýnuň öňüsyrasynda "Al-Nasr" adatdan daşary ädim ädip, şol döwrüň dünýä futbolynyň iň uly ýyldyzlarynyň birini — "Barselonanyň" bolgariýaly hüjümçisi, "Altyn topyň" eýesi Hristo Stoiçkowy diňe iki oýun üçin öz hataryna goşdy.
Soňra futbolçynyň gürrüň bermegine görä, "Köpetdag" bilen boljak ýarym finalyň öňüsyrasynda Saud Arabystanynyň şazadasy "Al-Nasryň" birinji goluny uran futbolça, ýeňiş gazanylan ýagdaýynda "Mercedes" awtoulagynyň iň soňky modelini sowgat bermegi wada edipdir.
Oýnuň eýýäm 5-nji minutynda "Köpetdagyň" derwezebany Stoiçkowy ýykandan soň, ol penalti gazandy. "Täze maşyn edinmek höwesi bilen" bolgariýaly futbolçynyň hut özi topuň ýanyna bardy. Emma türkmen toparynyň derwezebany Ýewgeniý Naboýçenko bu urgyny yzyna gaýtarmagy başardy.
Muňa garamazdan, Stoiçkow 12-nji minutda hüjümi başlady we Muhaisen Al-Jaman hasaby açdy. 39-njy minutda Majed Abdulla hasaby artdyrdy. Ikinji ýarymda, 79-njy minutda Ýuriý Magdiýew burçdan depilen topy kellesi bilen urup, aratapawudy azaltdy, ýöne "Köpetdag" hasaby deňläp bilmedi. Oýun 2:1 hasabynda tamamlandy.
Netijede, "Al-Nasr" şol ýaryşda ýeňiji boldy, Stoiçkow bolsa Koreýanyň "Suwony" bilen bolan finalda ýeke-täk goly urup, kubogy toparyna getirdi. Emma ýarym finalda gidiren penalti urgusy bolgariýaly hüjümçisiniň ýadynda ömürlik galdy.

"Bütin ömrüme bary-ýogy birnäçe penalti geçirip bilmedim, olaryň biri meni 'Mersedesden' mahrum etdi" — diýip, futbolçy soňraky interwýularynda gussaly ýatlaýardy.

Habar berlişine görä, Stoiçkow "Al-Nasrda" geçiren iki oýny üçin 200 müň dollar aldy, şeýle hem ep-esli sowgat berlipdir welin, olary äkitmek üçin uly ýük ulagyny kärendesine almaly bolupdyr. Hatda üç düýe sowgat berleninde, Hristo ötünç sorap, olardan ýüz öwrüpdir...
Häzirki wagtda "Al-Nasr" şeýle gysga möhletli transferlere mätäç däl. Klubda dünýä derejeli ýyldyzlar: Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane, Žoau Feliks, Kingsli Koman, Inigo Martines, Marselo Brozowiç we başgalar çykyş edýärler.
"Arkadag" we "Al-Nasr" toparlarynyň arasyndaky ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabatda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Er-Rýadda geçiriler.


düýn 22:01
3.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......