Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazandylar

  • 05.01.2026 15:43
  • 7.9k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aýlar Arazberdiýewa “GDA-nyň iň gowy talyby”, Nurýagdy Baýryýew bolsa “Iň gowy ylmy iş - 2025” halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy. Bu barada uniwersitetiň saýtynda habar berilýär.

Italýan dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby A.Arazberdiýewa Gazagystanyň “Bilim-orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin ýeňiji diýlip yglan edildi we I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan, şeýle hem kubok bilen sylaglandy.
hukuk öwreniş hünäriniň IV ýyl talyby N.Baýryýew Russiýa Federasiýasynyň Penza şäheriniň “Ylym we magaryf ylmy hyzmatdaşlyk boýunça halkara merkezi” tarapyndan geçirilen “Iň gowy ylmy iş - 2025” atly XXIII Halkara ylmy-barlag bäsleşigine “Hukuk ylymlary” ugry boýunça “Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň hukuk esaslary we ony üpjün etmegiň aýratynlyklary” atly ylmy işi bilen (ylmy ýolbaşçysy - Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty O.Suhanberdiýewa) internet arkaly gatnaşyp, II derejeli Diploma mynasyp boldy.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......