Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 07.01.2026 13:24
  • 21k+

«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.

Röwşen Muhadow klubda işlän döwrüne ýokary baha berdi, «Arkadag» toparynyň janköýerlerine we ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol toparyň geljekdäki işlerinde üstünlikleriň dowamly boljakdygyna ynam bildirip, öňde duran oýunlarda şowlulyk arzuw etdi.
R.Muhadow «Arkadag» toparyna AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna gatnaşmagy bilen bagly goşulypdy. Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň kadalaryna görä, PRO lisenziýasy bolmadyk hünärmen halkara ýaryşlarynda resmi taýdan baş tälimçi bolup bilmeýär. Şonuň üçin Muhadow ýaryş döwründe toparyň baş tälimçisi hökmünde hasaba alyndy, emma tälimçiler ştabynyň gündelik işine Wladimir Baýramow ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirdi.
Bu tälimçiler ştabynyň ýolbaşçylygynda «Arkadag» öz taryhynda ilkinji gezek «B» toparynda ikinji orny eýeläp, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalyna çykmagy başardy.
Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony pley-off tapgyrynda düzüminde Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we Žoau Feliks ýaly dünýä derejeli ýyldyzlary bar bolan Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen duşuşar. Toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun 11-nji fewralda Türkmenistanda, jogap oýny bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanynda geçiriler.


düýn 16:49
5.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.6k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.7k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....