Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmekde horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýar – Serdar Berdimuhamedow
7-nji oktýabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy...