Bloomberg: Horwatiýada syýahatçylykdan gelýän girdeji 2019-njy ýyldaky görkezijilere golaýlaýar

  • 25.08.2021 17:21
  • 4.4k+

Horwatiýada syýahatçylykdan gelýän ýyllyk girdeji 10,5 mlrd ýewrodan (2019-njy ýylyň görkezijisi) geçip, syýahatçylaryň sanynyň azdygyna garamazdan, täze rekorda ýetip biler. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, www.dailyadvent.com belleýär.

“Şu ýyl syýahatçylykdan gelen umumy girdeji 2019-njy ýylyň derejesiniň 90%-ine ýetdi, şol bir wagtyň özünde iň ýokary tomus möwsüminden gelen girdeji iki ýyl ozalky bilen deňeşdirilende, 10% ýokarlandy” – diýip, agentlik Syýahatçylyk ministri Nikolina Brnýasyň sözlerini getirýär.

4,2 mln ilaty bolan Adriatik sebitinde syýahatçylykdan gelýän girdeji jemi içerki önümiň 20 göterimini emele getirýär. 2019-njy ýylyň jemi boýunça Horwatiýa, takmynan, 21 mln syýahatçy bardy.


25.06.2026 23:36
5.2k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......