DÇ-2022: Horwatiýa oýundan soňky jerime urgular boýunça Ýaponiýany ýeňdi

  • 06.12.2022 01:54
  • 10k+

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Horwatiýanyň futbolçylary oýundan soňky 11 metrlik jerime urgulary boýunça Ýaponiýadan üstün çykdylar.

El-Wakrada geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy. Ýaponiýadan Daýdzen Maeda (43-nji minut), Horwatiýadan Iwan Perişiç (55) geçirdi.
11 metrlik urgularda Horwatiýanyň derwezebany üç urgyny gaýtaryp, toparyna ýeňiş getirdi.
Horwatiýa çärýek finalda Braziliýa-Günorta Koreýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.


düýn 18:26
2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
4.1k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......