Horwatiýanyň Dubrownik şäheri Ýewropanyň iň köp syýahatçyly şäheri boldy

  • 17.06.2023 15:39
  • 11k+

Horwatiýanyň uly bolmadyk Dubrownik şäheri Ýewropada iň köp syýahatçyny jemlän şäher boldy. Bu barada “Express” neşirine salgylanyp, potokmedia.ru habar berýär.

Holidu gözleg sistemasynyň maglumatlaryna görä, Dubrownikde her bir ýerli ýaşaýja 36 syýahatçydan düşýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, Wenesiýada we Brýuggede bir ýaşaýjy üçin bu görkeziji 21 syýahatça deňdir.
Dubrownik dünýä derejesindäki medeni ýadygärlik bolup, ÝUNESKO tarapyndan goralýar. Bu ýerde dynç alýanlar şäher arhitekturasy we Adriatik deňziniň ajaýyp kenarlary barada oňyn seslenme berýärler.
Ýokarda bellenilen üç şäherden başga-da, syýahatçylar üçin has özüne çekiji ýerleriň sanawyna Gresiýadaky Rodos adasy we Islandiýanyň Reýkýawik şäheri girdi. Olaryň yzyndan Florensiýa, Iraklion, Amsterdam, Dublin we Tallin gelýär.


25.06.2026 23:36
5.2k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......