Ýewro-2020: Angliýa, Horwatiýa we Çehiýa pleý-off-a çykdy

  • 23.06.2021 11:57
  • 6.1k+

Ýewropa çempionatynyň pleý-off tapgyryna D topardan birbada üç milli ýygyndy çykdy — Angliýa, Horwatiýa we Çehiýa.

Toparlaýyn tapgyryň jemleýji duşuşygynda Angliýa «Uembli» stadionda Çehiýany kabul etdi. Duşuşyk iňlisleriň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. 12-nji minutda Rahim Sterling gol geçirdi.
Ugurdaş duşuşykda Glazgoda Horwatiýa Şotlandiýa bilen duşuşdy. Oýunda horwatiýalylar 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Gollary Nikola Wlaşiç (12), Luka Modriç (62) we Iwan Perişiç (77) geçirdi. Şotlandiýalylardan Kallum Makgregor (42) geçirdi.
Angliýa 7 utuk toplap, birinji orundan pleý-off tapgyryna çykdy. Iňlisler F toparynda ikinji orunda ýerleşjek ýygyndy bilen duşuşmaly bolar (Germaniýa, Portugaliýa, Fransiýa ýa-da Wengriýa).
Horwatlar toparda ikinji orny eýeledi, çehler üçünji orny eýeleseler hem pleý-off tapgyryna çykmagy başardylar. Çünki görkezijileri babatda beýleki toparlaryň üçünji orunlaryndan ýokary.
Şotlandiýa bir utuk bilen dördünji orunda ýerleşip, ýaryşda çykyşyny tamamlady.


düýn 20:02
5.9k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.2k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.1k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.8k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......