Ýewro-2024: Italiýa soňky sekuntlarda Horwatiýa bilen deňleşip, pleý-off-a çykdy

  • 25.06.2024 13:49
  • 9.4k+

Leýpsigde Ýewro-2024-üň toparlaýyn tapgyrynyň Italiýa bilen Horwatiýanyň arasynda üçünji tapgyr oýny geçirildi. Duşuşyk diýseň täsirli boldy we deňme-deň – 1:1 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň birinji ýarymynda italiýalylar artykmaçlyga eýe boldular, ýöne gol girizip bilmediler. 53-nji minutda horwatiýalylar garşydaş toparyň jerime meýdançasynda top Dawide Fratteziniň eline degenden soň penalti gazandylar. Horwatiýa toparynyň kapitany Luka Modriç on bir metrden urgyny geçirip bilmedi, Janluiji Donnarumma toparyny halas etdi, ýöne horwatiýalylar hüjümi dowam etdirdiler we 32 sekuntdan soň Modriç gol girizmegi başardy.
Şeýlelikde, Luka Modriç 38 ýyl 289 gün ýaşynda Ýewropa çempionatlarynyň taryhynda iň uly ýaşly gol geçiren futbolçy boldy, ol 38 ýyl 257 gün ýaşynda Ýewro-2008-de Polşanyň milli ýygyndysynyň derwezesine tarap penaltini geçiren awstriýaly Iwisa Wastiçiň rekordyny täzeledi.
Modriçiň golundan soň, italiýalylar has tijendiler, ýöne soňky minuta çenli gol girizip bilmediler. Diňe duşuşygyň soňky – sekizinji goşmaça minutynda Mattia Dzakkaniniň goly bilen hasaby deňlemek başartdy.
Deňme-deňlik Italiýa dört utuk bilen B toparçada ikinji orundan pleý-offa çykmaga mümkinçilik berdi. 1/8 finalda topar 29-njy iýunda Şweýsariýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
Horwatiýa iki utuk gazandy, ýöne toparçadan üçünji orundan çykmak mümkinçiligi heniz bar we ol toparlaýyn tapgyrdan soňky ýagdaýa bagly bolar.
B toparçanyň beýleki bir oýnunda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Albaniýany 1:0 hasabynda utdy. Duşuşyk Dýusseldorfda geçirildi. Ýeke-täk goly 13-nji minutda Ferran Torres girizdi.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy başlangyç düzümde geçenki oýny ätiýaçdaky düzümde başlan 10 oýunçyny oýna çykardy. Emerik Lýaport Italiýa garşy oýnan we Albaniýa bilen oýunda başlangyç düzümde çykan ýeke-täk oýunçy boldy.
Ispaniýa dokuz utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi we 1/8 finalda toparçalarda üçünji orunlary eýelän toparlaryň biri bilen oýnar. Albaniýanyň milli ýygyndysy bir utuk gazandy we ýaryşy terk edýär.
1/8 finalda Ispaniýa 30-njy iýunda Kýolnda toparçada üçünji orny eýelän dört toparyň biri bilen oýnar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......