DÇ-2022: Belgiýa ýaryşdan gaýtdy, Horwatiýa we Marokko pleý-off-da

  • 02.12.2022 08:52
  • 7.5k+

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Horwatiýa bilen Belgiýa deňme-deň oýnadylar. Al-Raýanda geçen duşuşyk 0:0 tamamlandy.

F toparyň beýleki duşuşygynda Dohada Marokkonyň ýygyndysy Kanadadan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. 4-nji minutda Hakim Ziýeş marokkolylary öňe çykardy, 23-nji minutda bolsa Ýussef En-Nasiri ikinji goly geçirdi. 40-njy minutda marokkolylardan Naif Ager öz derwezesine gol geçirdi.
Netijede topardan 1/8 final tapgyryna birinji ýerden Marokko (7 utuk) we ikinji ýerden Horwatiýa (5) çykdy. Dünýä çempionaty - 2018-iň bürünç medalçysy Belgiýa üçünji ýeri (4 utuk), Kanada bolsa (0) dördünji ýeri eýeläp ýaryşdan gaýtdy.


düýn 20:02
6.4k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.3k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 18:58
8.8k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......

15.05.2026 17:43
3.1k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....