Dünýä çempionaty — 2022-ä gatnaşan milli ýygyndylar näçe baýrak puluny alar?

  • 23.12.2022 16:18
  • 41k+

Katarda geçirilen dünýä çempionaty Argentina bilen Fransiýanyň arasyndaky çekeleşikli final (esasy we goşmaça wagtda 3:3, 11 metrlik urgular boýunça 4:2) bilen tamamlanypdy. Çempionat gutaransoň, hasap-hesipleri bir ýüzli etmek, her milli ýygynda gazanan ýetdik paýyny bermek meselesi galypdy. NBC Sports-yň habaryna görä, FIFA ýaryşa gatnaşýan toparlar üçin her topara haýsy tapgyra ýetendigine baglylykda göz öňünde tutulan 410 million ýewrodan gowrak baýrak puluny bölüp berdi.

Bäsleşige gatnaşan we toparlardan indiki tapgyra çykyp bilmedik toparlaryň her biri 8,5 million ýewro alar. Olar: Katar, Ekwador, Uels, Eýran, Meksika, Saud Arabystany, Daniýa, Tunis, Kanada, Belgiýa, Germaniýa, Kosta Rika, Serbiýa, Kamerun, Gana we Urugwaý.
1/8 final ýaryşlarynda ýeňlip, oýundan çykan toparlar takmynan 12 million ýewro alarlar. Olar: ABŞ, Senegal, Awstraliýa, Polşa, Ispaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa we Günorta Koreýa.
Çärýek finalçylar birneme has köp, hersi 16 million ýewro alarlar. Olar: Braziliýa, Gollandiýa, Portugaliýa, Angliýa.

Dördünji orny eýelän Marokkonyň milli ýygyndysy FIFA-dan 23,5 million ýewro, bürünç medal gazanan Horwatiýa bolsa 25,5 million ýewro alar. Dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Fransiýa 28 million ýewro gazanmagy başardy. Ýaryşda ýeňiji bolan Argentinanyň milli ýygyndysyna 37,5 million ýewro baýrak puly garaşýar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......