UEFA-nyň Milletler ligasynyň jemleýji ýaryşy Niderlandlarda geçer

  • 02.12.2022 16:31
  • 10k+

Milletler ligasynyň jemleýji oýunlary Niderlandlarda geçer. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty  habar berýär. Mini-turnire A Liganyň ýeňiji toparlary gatnaşar.

"UEFA-nyň Milletler ligasynyň final oýunlaryny kabul etmek hormaty ilkinji gezek Niderlandlaryň paýyna düşdi diýip, UEFA-nyň ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.
Rotterdam we Enshede şäherleri jemleýji oýunlary geçirmek üçin Niderlandlaryň Patyşalyk futbol birleşigi (KNVB) tarapyndan saýlandy. Ýarym finallar 2023-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda geçer, üçünji ýer ugrundaky oýunlary we finaly bolsa 2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçirmek meýilleşdirildi.
Ýarym finalyň jübütleriniň bije atyşlygy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Nýonda geçer, takyk senesi we wagty bellenen tertipde kesgitlener. Jemleýji oýunlarda Niderlandlaryň, Horwatiýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary oýnarlar" - diýip, UEFA-nyň resmi beýannamasynda aýdylýar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......