Argentina Horwatiýany ýeňip, 8 ýyldan soň ýene finala çykdy

  • 14.12.2022 08:45
  • 21k+

Argentina futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Horwatiýany 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdy.

Duşuşyk Lusailde geçirildi. Argentinanyň düzüminde Ýulian Alwares dubl etdi (39-njy, 69-njy minutlar), ýene bir goly Lionel Messi geçirdi (34-nji min. pen.).
Messi dünýä çempionatlarynda 25-nji duşuşygyny geçirip, nemes Lotar Matteusyň rekordyny gaýtalady.
Finalda Argentina 14-nji dekabrda geçiriljek Fransiýa-Marokko duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşarlar. Ikinji ýarym final duşuşygynda ýeňlen topar Horwatiýa bilen üçünji ýer ugrunda göreşer. Ýaryşyň finaly 18-nji dekabrda, üçünji ýer üçin duşuşyk 17-nji dekabrda geçer.
Argentina altynjy gezek dünýä çempionatynyň finalyna çykmagy başardy. 1978-nji 23 1986-njy ýyllarda argentinalyar çempion boldular, 1930-njy, 1990-njy, 2014-nji ýyllarda - ikinji orny eýelediler.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......