Horwatiýa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewro dolanyşygyna geçer

  • 13.12.2021 14:22
  • 9.1k+

Horwatiýa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurduň esasy pul birligi hökmünde ýewrony ulanmaga geçer. Bu barada ýurduň wise-premýeri, maliýe ministri Zdrawko Mariç Rowin şäherinde geçirilen “Horwatiýa ýewro zolagynyň bir bölegi hökmünde” atly konferensiýada eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berýär. 

“Biz 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary gijesi ýewro geçýäris we pul serişdeleriniň iki hili dolanyşygy ýene iki hepde dowam eder, ýagny raýatlar kunada hem töleg edip bilerler, şondan soň diňe ýewroda töleg ediler. Bahalary hem kunada, hem ýewroda görkezmek döwri azyndan bir ýyl dowam eder” – diýip, HRT milli telewideniýesi Mariçiň sözlerini getirýär. 

Maliýe ministriniň aýtmagyna görä, Horwatiýanyň ýewro zolagyna goşulýandygy barada 2022-nji ýylyň ortalarynda resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýar. Mariç gysga wagtyň içinde dolanyşykdan tas 1,1 mlrd teňňäni (kuna we lipa), şeýle-de 500 mln banknoty (kuna) çykarmagyň zerurlygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen birlikde, ýurduň ýewronyň ulanylyşyna geçmegini üpjün etmek maksady bilen hökümet, ministrlikler we beýleki degişli edaralar 40 töweregi kanuny we 70 sany dürli degişli aktlary adaptirlemeli bolýarlar. 


düýn 15:42
2.4k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....