Horwatiýa 1-nji ýanwardan ýewro pul dolanyşygyna geçýär

  • 31.12.2022 14:46
  • 14k+

Horwatiýa täze 2023-nji ýyly täze walýuta bilen garşylar: 1-nji ýanwardan başlap ýurt ýewro geçýär. Ýewropanyň umumy walýutasynyň tapgyrlaýyn, ýöne çalt girizilmeginiň bir bölegi hökmünde bankomatlaryň ýarysyndan gowragy täze banknotlary paýlamak üçin täzeden ýükleniler. Horwatiýanyň kunasy we ýewro nagt tölegler üçin diňe 14 günüň dowamynda deň derejede ulanylar.

Horwatiýanyň Milli bankynyň başlygy Boris Wuýçiç raýatlara şeýle maslahat berdi:

"Ýanyňyzda biraz nagt pul saklasaňyz gowy bolar, sebäbi dynç günleri bank ulgamy geçiş ýagdaýynda bolar. Kartlar hem, internet-banking hem işlemez, şonuň üçin ätiýaçdan nagt puluňyz bolsa gowy. 2-nji ýanwardan eýýäm hemme zat ýerbe-ýer bolar we gowy işläp başlar".

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Horwatiýa hem Şengen sebitine resmi taýdan goşular. Bu adamlaryň goňşy ÝB döwletleriniň arasyndaky serhetden pasport gözegçiliksiz geçip biljekdigini aňladýar. Emma Horwatiýanyň Bosniýa ýaly ÝB-ne girmeýän döwletler bilen serhetlerine has berk gözegçilik ediljekdigini aňladýar, sebäbi indi Horwatiýanyň üsti bilen Şengen sebitiniň beýleki ýurtlaryna hem girmäge mümkinçilik açylar.


23.06.2026 22:17
2.4k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......