Syýahatçylar üçin baha-hil gatnaşygy boýunça Ýewropa şäherleriniň reýtingi düzüldi

  • 25.07.2022 12:39
  • 13k+

Syýahatçylar tarapyndan baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy diýlip hasaplanýan Ýewropa şäherleriniň reýtinginde birinji orny Horwatiýanyň Zagreb şäheri eýeledi. Şeýle statistikany syýahatçylar üçin serwis Mabrian hödürleýär diýip, www.tourprom.ru belleýär.

Horwatiýanyň paýtagty Rim, Barselona, Amsterdam we Pariž ýaly güýçli bäsdeşlerden öňe geçdi. Reýting üç görkezijini göz öňünde tutýar: howa gatnawynyň mukdary we hili, myhmanhanalar üçin ortaça baha we syýahatçylaryň kanagatlanma derejesi.
Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň iýun aýynda iň gowy baha-hil gatnaşygy Zagreb şäherinde boldy. Horwatiýanyň paýtagty deňze çykmaýar hem-de howa gatnawy taýdan iň soňky ýurtlardan biridir. Şeýle-de bolsa, syýahatçylar ýokary kanagatlanma derejesini görkezdiler. Zagreb beýleki ugurlar bilen deňeşdirilende, ýaşamak üçin bäsdeşlige ukyply bahany hödürleýär. 
Ikinji orunda Afina ýerleşdi – ol myhmanhanalar üçin bahalaryň ýokary we syýahatçylaryň kanagatlanma derejesiniň pes bolmagy sebäpli Zagrebden yza galdy. Üçünji orny Sloweniýanyň paýtagty Lýublýana eýeleýär. Ol myhmanhanalar üçin has bäsdeşlige ukyply, ýagny pes bahalar bilen tapawutlanýar. Howa gatnawynyň çäkliligi sebäpli bolsa, ol üçünji orunda ýerleşdi. 

Ýewropanyň iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň doly sanawynda ýene 11 şäher bar. Reýtingiň liderleri şeýle görnüşde ýerleşýär:

1. Zagreb (Horwatiýa);
2. Afina (Gresiýa);
3. Lýublýana (Sloweniýa);
4. Rim (Italiýa);
5. Wena (Awstriýa);
6. Lissabon (Portugaliýa);
7. Madrid (Ispaniýa);
8. Milan (Italiýa);
9. Dubrownik (Horwatiýa);
10. Berlin (Germaniýa);
11. Amsterdam (Niderlandlar);
12. Pariž (Fransiýa);
13. Barselona (Ispaniýa);
14. London (Beýik Britaniýa).


25.06.2026 23:36
5.2k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......