Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmekde horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýar – Serdar Berdimuhamedow

  • 08.10.2025 07:55
  • 6k+

7-nji oktýabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir.
Döwlet Baştutany Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


şu gün 09:55
230

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
645

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....