Türkmenistanyň ilçisi Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 18.04.2025 15:05
  • 4.7k+

15-nji aprelde Türkmenistanyň Horwatiýadaky ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýew Horwatiýanyň daşary we ýewropa işleri ministri Gordon Grlik Radman bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň ösüşine aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň işiniň depgininiň artmagynyň ähmiýeti barada nygtaldy. Taraplar gämi gurluşyk, derman, himiýa, azyk senagaty, gurluşyk, şol sanda deňiz portunyň gurluşygy, syýahatçylyk infrastrukturasy, gaýtadan işleýän senagat, ýokary tehnologiýalar, ylym, bilim ýaly ugurlarda hem-de beýleki pudaklarda gatnaşyklary giňeltmek babatda pikir alyşdylar.
Şol gün A.Annaýew Hökümetara türkmen-horwat dostluk toparynyň horwat tarapyndan başlygy deputat Goran Kaniski bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň barşynda türkmen diplomaty hökümetara dialogy işjeňleşdirmegiň wajyplygyny nygtap, 2016-njy ýylda ýokarda agzalan dostluk toparynyň döredilmeginiň iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uly itergi bolup durýandygyny aýtdy.
Günüň ikinji ýarymynda ilçi A.Annaýew Horwatiýanyň Medeniýet we media ministrliginiň Halkara medeni hyzmatdaşlyk we ýewropa işleri müdirliginiň direktory Anýa Ýelawiç bilen duşuşdy.
Direktor horwat tarapynyň türkmen tarapy bilen medeniýet we medeni alyş-çalyş, ikitaraplaýyn çärelere gatnaşmak, şeýle-de türkmen muzeýleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak babatda hyzmatdaşlyga isleg we gyzyklanma bildirýändigi barada belläp geçdi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......