Ýewro-2024: Albaniýa Horwatiýa bilen deňme-deň oýnady, Germaniýa pleý-off tapgyryna çykdy

  • 20.06.2024 11:07
  • 7.5k+

Ýewro -2024-de toparlaýyn tapgyryň ikinji oýunlary başlandy.

B toparda Gamburg şäherinde Albaniýa Horwatiýa bilen duşuşdy. Albaniýalylary oýnuň başynda ýene-de çalt gol geçirmegi başardylar. 11-nji minutda Kazim Lýaçi hasaby açdy. Horwatiýalylar diňe 74-nji minutda Andreý Kramariçiň tagallasy bilen hasaby deňläp bildiler. Iki minut soňra bolsa, albaniýalylardan Klaus Gýasulýa topy öz derwezesine gönükdirdi. Emma final jürlewügi çalynmazdan öň (90+5) Gýasulýa garşydaşynyň derwezesine hem topy girizip, hasaby deňlemegi başardy. Ahyrky hasap - 2:2.
Bu topardan Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky duşuşyk şu gije 00:00-da (Aşgabat wagty bilen) başlanar.

A toparda Ştutgartda Germaniýa Wengriýadan üstün çykdy. 2:0 tamamlanan duşuşykda gollary Jamal Musiala (22) we Ilkaý Gündogan (67) geçirdi.

Bu topardan beýleki jübüt - Şweýsariýa bilen Şotlandiýa deňme-deň oýnady. Kýolnda geçirilen duşuşyk 1:1 hasap bilen tamamlandy. Oýunda hasaby 13-nji minutda Skott Maktomineý açdy, Şweýsariýadan Jerdan Şakiri 26-njy minutda hasaby deňledi.
Germaniýa 6 utuk bilen A toparyň başyny çekýär we pleý-off tapgyryna çykdy. Şweýsariýa 4 utuk bilen ikinji orunda, Şotlandiýa 1 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Wengriýada o utuk bar.
Jemleýji tapgyrda 23-nji iýunda Şweýsariýa Germaniýa bilen, Şotlandiýa bolsa Wengriýa bilen duşuşar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......