Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Işewür Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi...