Президент Туркменистана провел совещание по вопросам АПК

  • 25.03.2025 09:25
  • 4.7k+

24-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Diýarymyzda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak, pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda şu ýylyň 26-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, bugdaýly meýdanlary ikinji gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlaryň we zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, bu ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, pile öndürmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi.


вчера 17:31
1k+

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......

вчера 15:39
1.6k+

В Ашхабаде обсудили новые направления туркмено-американского делового партнёрства

В Торгово-промышленной палате Туркменистана в формате круглого стола состоялся туркмено-американский бизнес-форум. Представители двух стран обсудили перспективы расширения экономического сотрудничества и......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......

04.06.2026 12:34
4.4k+

В трёх велаятах Туркменистана началась жатва пшеницы

3 июня в Ахалском, Лебапском и Марыйском велаятах началась зерноуборочная кампания 2026 года....