Serdar Berdimuhamedow galla oragyna we “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk boýunça hasabatlary diňledi

  • 21.05.2025 10:18
  • 11k+

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer ýerlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri geçirildi. Tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär.
Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim 25-nji maýda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen tohumlyk bugdaý hasylyny bildirilýän talaplara laýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutany Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, sebitlerde pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Serdar Berdimuhamedow 25-nji maýda welaýatlardaky orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....