Daşkent institutynyň talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler

  • 01.07.2025 20:24
  • 8.5k+

25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Onuň çäklerinde guralýan tejribelige hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymy, 5 talyby hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymy, 10 talyby ýurdumyza gelip, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Saparyň çäklerinde myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem saparyň maksatnamasyna türkmen professor-mugallymlarynyň umumy sapaklaryna gatnaşmak, ugurdaş edara-kärhanalara, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagyna, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygyna baryp görmek girýär. Şeýle-de goňşy döwletden gelen myhmanlar üçin medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Tejribelik geçýänler onuň çäklerinde Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähine hem baryp görerler.
Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 6 — 17-nji iýuly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymyny, 10 talybyny hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymyny, 10 talybyny Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda tejribelik geçmäge ugratmak meýilleşdirilýär.


düýn 18:58
2.4k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......