Türkmen oba hojalyk institutynda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça halkara maslahat geçirildi

  • 25.04.2025 14:52
  • 2.3k+

23-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Soňra Russiýadan, Özbegistandan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Moldowadan, Efiopiýadan hem-de Pakistandan wekiller oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň orny barada sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
Forumyň barşynda ekologik ulgamlara täsirleriň ýokarlanmagy we howanyň üýtgemegi şertlerinde oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň ýörelgeleri, tehnologiýalary we çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen oba hojalyk instituty bu pudak boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim edarasy we ylmy merkezi bolmak bilen, oba hojalygynyň ösmegine we bu pudak üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna işjeň goldaw berýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......