Türkmen oba hojalyk instituty tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça halkara onlaýn maslahat geçirer

  • 21.04.2025 15:21
  • 3.6k+

23-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.

Maslahatyň maksady — ekologiki ulgamlara täsirleriň ýokarlanmagy we howanyň üýtgemegi şertlerinde oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň ýörelgelerini, tehnologiýalaryny we çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak.
Maslahata dürli ýurtlardan oba hojalyk pudagynyň alymlary, barlagçylary hem-de hünärmenleri gatnaşar.
Halkara ylmy-amaly maslahat şu wezipelerden ugur alýar:

  • Agrosenagat toplumynda tebigy baýlyklary peýdalanmaklygyň häzirki zaman meselelerini we töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak;
  • Oba hojalygynda suwdan, ýerden, energiýa çeşmelerinden rejeli peýdalanmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak;
  • Dürli ýurtlaryň alymlarynyň we bilermenleriniň arasynda tejribe alyşmaklaryny üpjün etmek;
  • Ekologiki we tebigy baýlyklar babatynda meseleleri çözmeklik üçin halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlemek;
  • Oba hojalyk pudagyna netijeli çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň tematiki ugurlary:

  • Oba hojalygyny alyp barmak boýunça ekologiki çemeleşmeler
  • Suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak
  • Ýer serişdelerinden netijeli peýdalanmak

Has giňişleýin maglumat üçin institutyň resmi sahypasyna girip görüň.


28.05.2026 17:08
5.9k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

17.05.2026 14:21
3.8k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......