Türkmen oba hojalyk uniwersitetinň talyplary Özbegistanda tejribelik geçýärler

  • 14.07.2025 19:22
  • 10k+

6 — 17-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden 2 mugallym hem-de 20 talyp Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda tejribelik geçýärler.

Tejribelik 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde guralýar.
Talyplar hem-de olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň taryhy we häzirki alyp barýan işleri, ýurduň oba hojalygynyň ösüşine goşýan goşandy bilen tanyşdyryldy. Olar hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň okuw binalaryna, tejribehanalaryna hem-de ýapyk we açyk görnüşli sport meýdançalaryna baryp, olarda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Şeýle-de institutyň we ýurduň oba hojalygynyň taryhy, traktorlaryň we oba hojalyk maşynlarynyň kämilleşdirilişi bilen tanyşdyrýan muzeýe hem aýlanyp gördüler. Ýurdumyzda geçirilýän çärelere, ylym-bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşýan alym, Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň professory Ilhom Begmatow hem-de beýleki mugallymlar oba hojalygynda irrigasiýa, mehanizmleşdirmek hem-de inženerçilik boýunça nazary hem-de amaly tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýle-de ildeşlerimiz Daşkent şäheriniň ylym-bilim ojaklaryna, oba we suw hojalyk desgalaryna, taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp gördüler. Saparyň çäginde «Smart Solutions System» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň talyplaryň okuwlaryny guramak, onuň netijelerine gözegçilik etmek boýunça döwrebap sanly ulgamy bilen tanyşdylar. Tejribeligiň çäklerinde özbegistanly hünärmenler ýurduň suw hojalygynda ulanylýan enjamlar, «akylly» tehnologiýalar, suw ölçeýjiler barada gürrüň berdiler.
Belläp geçsek, şu ýylyň 25-nji iýuny — 4-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçdiler.


düýn 18:58
2.4k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......