Arkadag şäherinde Bütindünýä Weterinariýa güni mynasybetli ylmy-usuly maslahat geçirildi

  • 14.05.2025 14:14
  • 2.3k+

13-nji maýda Arkadag şäherinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Oba hojalyk mallaryň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Ol Bütindünýä Weterinariýa gününe gabatlanyldy.

Maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň we institutynyň tejribeli mugallymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow «Weterinariýanyň ösüşi – döwletiň durnukly ösüşiniň, azyk howpsuzlygynyň we jemgyýetiň abadançylygynyň beýik binýady: ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni alyş ulgamyny kämilleşdirmegiň ylmy, usuly we syýasy esaslary» atly mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda häzirki döwürde ýurdumyzyň weterinariýa ulgamynda gazanylýan üstünlikler, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de döwletiň bu ugurda alyp barýan oýlanyşykly syýasaty giňden beýan edildi.
Maslahatyň dowamynda weterinariýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça we ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde weterinariýanyň orny barada, şeýle hem mallaryň saglygyny goramak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, şeýle-de bu ugurda ylmy esasda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça çykyş eden tejribeli mugallymlar dürli ugurlar boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleri, tejribelerini giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......