Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

  • 27.05.2025 07:57
  • 8.2k+

26-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirildi.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalyk önümçiligini durnukly ösdürmäge we netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de welaýatlarda bu jogapkärli möwsüme gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belläp, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça zyýan berijileriň öňüni almak boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda döwlete pile tabşyrmagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini gazanmagyň, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygy bellenildi.
Döwlet Baştutany ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işleriniň alnyp barlyşynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini nygtap, Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatlarda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......