Alymlar Hytaýyň Tibet daglyk ýerlerini oba hojalyk sebitine öwürmegi teklip edýär

  • 25.03.2025 17:29
  • 4k+

Hytaýyň alymlar topary Tibetiň daglyk ýerlerini täze möhüm oba hojalyk sebitine öwürmegi teklip edýärler. South China Morning Post-yň (SCMP) habar bermegine görä, alymlar adaty ekerançylyk ýerlerine ýaramaz täsir edip biljek howanyň çalt üýtgeýändigini belläp, alada galýarlar.

Neşiriň belleýşi ýaly, Pekindäki Milli Howa Merkeziniň (NCC) hünärmenleri Amazoniýanyň tropiki tokaýlarynyň ýitip gitmegi, Atlantik ummanynyň akymlarynyň bozulmagy we polýar buz gatlaklarynyň eremegi ýaly, ählumumy howadaky üýtgeşmeleriň ýakyn onýyllyklarda dünýäniň oba hojalygynyň önümçiligini durnuksyzlaşdyryp biljekdigini duýdurdylar. Muňa jogap edip, Tibetde dag belentliklerinde ekerançylygy çalt we giň gerimde ösdürmek teklip edilýär.
Howanyň üýtgemegi "deňiz derejesiniň görlüp-eşidilmedik ýagdaýda ýokarlanmagyndan başlap, adatdan daşary howa hadysalaryna çenli Ýere hem-de onuň ilatyna çuňňur we giňden täsir eder" – diýip, SCMP NCC toparynyň ýolbaşçysy Ma Lissýuanyň sözlerini getirýär. Şeýle hem, ol Tibetiň daglyk ýerleriniň Hytaýyň we Aziýanyň ekologiki howpsuzlygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedigini, şeýle hem biodürlüligi gorap saklamak üçin möhüm sebitdigini aýtdy.
Ma Lissýuan "oba hojalygyny ösdürmek üçin, plato mahsus bolan özboluşly tebigy we durmuş-ykdysady şertler Tibet platosyny geljekde Hytaýyň galla mekanyna öwrüp biljekdigine” ynanýar.
Hytaýyň Meteorologiýa müdirliginiň ýanynda hereket edýän NCC  - Hytaýyň howa ugrundan barlaglar we gözegçilik boýunça öňdebaryjy edarasy.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

11.06.2026 13:44
3.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

04.06.2026 12:34
5.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....