Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 01.07.2025 08:00
  • 6.4k+

30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.
Wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin meýdanlary, tohumlyk bugdaýy ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......