Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

  • 18.03.2025 08:11
  • 8k+

17-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de ony agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine badalga bermek hem-de ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ikinji gezek mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini gazanmagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, welaýatlarda ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.
Şeýle hem döwlet Baştutany Milli bahar baýramy mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede geçirmegi, baýramçylyk günlerinde sebitleriň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


11.06.2026 22:20
6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....