Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi

  • 06.06.2025 09:09
  • 4.2k+

2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, 4-nji iýunda ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirilip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna başlanyldy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa orak möwsümine 11-nji iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy. Döwlet Baştutany ussat pileçileri bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......