“Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynda gurluşyk işleri geçiriler

  • 13.03.2025 10:05
  • 7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge, bar bolan binalaryň durkuny täzelemäge, goşmaça binalary we desgalary gurmaga, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmaga, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ýokary önüm berýän gara mallary satyn almaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de maldarçylyk fermasyny 2026-njy ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ilatyň et, süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....