Aşgabatda okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary boýunça okuw maslahaty geçirildi

  • 25.05.2025 23:21
  • 7.3k+

21–23-nji maý aralygynda Aşgabatda “Arçabil” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) çäginde “Okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahaty üstünlikli geçirildi. Bu okuw maslahaty işgärler üçin sapak berýän mugallymlar hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri üçin guraldy.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa we karantin gullugynyň wekilleri, Serhet we Içeri işler ministrlikleriniň institutlarynyň mugallymlary, Gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň, Migrasiýa gullugynyň okuw bölüminiň hem-de Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Üç günlük okuw maslahatynda halkara hünärmeni hökmünde Kazakowa Ýuliýa Aleksandrowna çykyş etdi. Okuw maslahatyň esasy maksady – gatnaşyjylaryň bilim we başarnyklaryny ýokarlandyrmak, häzirki zaman okuw usullary arkaly okatmagyň netijeliligini artdyrmak, diňleýjileriň höwesini we işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Okuw maslahatyň jemleýji böleginde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş edip, okuw maslahatynyň esasy maksadynyň gatnaşyjylary toparlaýyn ösüşiniň kanunlary, bilim gurşawyny dolandyrmagyň täsirli usullary we okalýanlaryň höweslendirmesini (motiwasiýasyny) döretmek we goldamak boýunça bilim bermekden ybaratdygyny belledi.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......